Ýaşaýyş daragty saýtyna hoş geldiňiz!

Goşgylar

Çykarma ýadyňdan

Ýürekde ýygnan Hoş Habarym bar,
Gulak as, çykarma ýadyňdan!
Daýanara indi Arka-Dagym bar
Zeýrenme, gel-otur gitme ýanymdan!

Şypasyz derdimiň dermany bar!
Tenim janlanar anbar ysyndan!
Ýalňyz gursagymyň awysy bar
Böwsüp çykar böwrümden!

Meni hem ýaradan Biri bar!
Jan beripdir deminden!
Tükenmez ýaşama höwesim bar,
Gaçyp gutulsam ölümden!

Ölümi tirkän günä bar,
Kalbyma giren melgundan,
Günämi ýuwan bigünä bar,
Sowup meni baky ölümden!

Ebedi synmaz Şalyk bar,
Kök urup ýeriň ýüzünden,
Başynda oturan Mesih bar,
Bize paýlap dirilik suwundan!

Goşgy

Gamgyn başym, bol şatlygy küýseýär,
Toýa barsam elime alyp sowgat!
Teşne ýürek, adam mährin isleýär,
Doganlar-dogana berip gurbat!

Obada üýtgeşik bir toý bar,
Şatlygy barha güýjeýär,
Gören-eşiden toýa howlukýar!
Gapyl geze belmen, ýeke pursat!

Pulum ýok, toý sowgady almaga,
Ýüzüm ýok, zersiz toýa barmaga,
Eýäm gelipdir, bize töleg etmäge,
Toýda berilipdir, bize täsin sowgat!

Baky eken, bu sowgadyñ gymmaty!
Mynasypdyr, Ybraýymyñ ymmaty,
Mesih Isa toý-sowgadyñ eýesi,
Başymdan syryldy ähli ülpet!

Görmändim beýle desserhany,
Biz üçin döküp, mukkades gany,
Rebbim syndyryp, hökmi şeýtany,
Baky Äht gurdy, eline alyp şerbet!